Amir Abdullahiýan:garaşsyz Palestina ýurdyny ykrar etmeklik Palestina meselesiniň çäresidir
Palestina intefazasyndan arka çykýan halkara konferensiýasynyň baş sekretary Palestina meselesiniň hakyky we ýeke täk çykalgasyny garaşsyz Palestina ýurdunyň döredilmeginde bildi.
Amir Abdullahiýan Palestina ilatynyň öz ykballaryny belli edip bilmekleri barada Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynyň makullan soňky taslamasyny Palestina milletiniň hak hukuklarynyň dikeldilmegi ugurynda bitirilen möhüm iş bildi.
Palestina intefazasyndan arka çykýan halkara konferensiýasynyň baş sekretary Palestinanyň hakyky ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda Palestinanyň ykbalyny belli etmek ugurda referendumyň geçirilmegi hakynda Eýranyň öňe süren taslamasyna yşarat edip indi dünýä ýurtlary we milletleri sebitiň we Ýewropanyň howpsuzlygyny howpa salyp duran zadyň Sionist režimiň basyp alyjylygyndan göz baş alýandygyny düşündirýändirler diýip beýan etdi.
Amir Abdullahiýan şeýle-de Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyndan we Arap Bileleşiginden Palestina milletiniň ykbalyny belli etmek ugurda Palestinada demokratik referendumyň geçirilmegi baradaky taslamany makullap oňa hemaýat bermek bilen yslam dünýäsiniň esasy meselesi bolan Palestina meselesini çözmekde esasy ädimi ätmeklerini isledi.