Eýran bilen Omanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6604-eýran_bilen_omanyň_daşary_işler_ministrleriniň_duşuşygy
Omanyň paýtagty Maskat-a sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Omanyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 24, 2019 14:17 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Omanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Omanyň paýtagty Maskat-a sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Omanyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Omanyň daşary işler ministri Ýüsüp Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn meseleler hakynda aýratynda ykdysady we söwda meseleleri barada gürrüň etdi.Zarif düýn hem Bin Alawi bilen duşuşypdy.

Eýranyň daşary işler ministri şu gün şeýle-de Omanyň sultany,sultan Gabusyň gullugynyň ministri serleşger Al-Namany bilen hem duşuşyp iki ýurduň arasyndaky dostlukly doganlykly aragatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün şeýle-de Maskat-da Ýemeniň Ansarolla hereketiniň metbugat wekili Muhammet Abdulsalamyň duşuşygynda Ýemeniň iň soňky syýasy we uruş meýdanlardaky özgerişleri barada gürrüň etdi.