serleşger Safawi:çydam toplumy hergiz ýeňilmez
Eýranyň bütin güýçleriniň serkerde başynyň ýokary derejeli geňeşçisi serleşger Seýed Ýahýa Rahim Safawi çydam toplumy sebite ýaýrandyr we indi duşmanlar bu toplumy hergiz ýeňip bilmezler diýip beýan etdi.
serleşger Safawi şu gün Hormozgan welaýatynyň 1500 şehidiniň gadyrlanyş kongresiniň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde Eýran milletiniň duşmanlaryň hileleriniň garşysynda doly taýýarlyk bilen durandygyny ýatladyň Eýrana garşy ykdysady gadaganlyklary we uruşy ýola bermek Eýran milletiniň tersine ýaşryn we äşgär suratda hile araýanlar üçin uly şowsuzlyklar garaşýandyr diýip yglan etdi.
yslam ynkylabynyň Pasdarlar Sepah güýjüniň öňki serkerdesi serleşger Safawi şeýle-de Aziýanyň günbatar sebitinde çydam toplumynyň ýaýrandygyna we el-gatyjy Saud bileleşiginiň garşysynda Ýemeniň mazlum ilatynyň çydamyna yşarat edip Ýemen ilaty 5 ýyl çydanmak bilen el-gatyjylara ýatlaryndan çykmajak pendi berendirler diýip sözlerine goşdy.