Hojjatol Yslam Seddigi: 9-njy deý güni umum adamzadyň taryhynda belli sepgitdir
Tehraniň juma namazynyň hatyby hijri şemsi senesi boýunça 1388-nji ýylyň deý aýynyň 9-njy günini ýene bir ybaratda 2009-njy ýylyň 30-njy dekabry , adam oglynyň taryhynda bir möhüm we aýgytly gün bildi.
1388-nji ýylyň deý aýynyň 9-njy güni Eýranyň 10-njy döwür prezident saýlawlarynda galyplyk bolmak bahanasy bilen pitneçileriň egri ýoldaky hereketiniň gaýtawulynda we köpçülikde bozgakçylyk edýän adamlaryň ýigrenilmeginiň yglan edilmeginde Eýran ilatynyň millionlarça bolup ýol ýöriş geçiren günini ýatlara salýandyr.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Kazem Seddigi ezijileriň , şol zamanda Eýran Yslam respublikasyna urgy urmak üçin hiç bir tagalladan gaýra durmandyklaryny aýdyp amansyzlyk döredilmegi, bulagaýçylyk bolmak, hüjüm edilmegi we bozgakçylyk döretmek pitneçileriň eden işlerinden bolupdy, emma Eýranyň ilaty ägä bolup duşmanlaryň planlaryny suwa dökdüler diýdi.