Eýran Yslam Respublikasy 9-nji Deý gününiň merasymyna taýýarlyk görýär
9-nji Deý gününiň merasymy ýene iki günden Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tehran bilen bilelikde ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçiriljekdir.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilatynyň millionlarçasy bozgakçylaryň 10-nji prezident saýlowlarynda galyplyk boldy diýen bahanalary bilen bir näçe wagt ýola beren bozgakçylykly işlerini ýazgarmakda 2009-nji ýylyň Dekabr aýynyň 30-nji güni bilen barabar 1388-nji(hş) ýylynyň Deý aýynyň 9-nde ýaýbaň ýol ýöreşi geçirdiler.
yslamy ýaýradyşlyk guramanyň sazlaşdyryjy geňeşiniň orunbasary Nasrolla Lotfi 9-nji Deý gününiň merasymy baradaky beýannamany okap Tehranda ilat Ymam Huseýin(as) adyndaky meýdançasyndan şehitler meýdançasyna tarap ýol ýöreş geçirjekdirler diýip yglan etdi.
yslamy ýaýradyşlyk guramanyň sazlaşdyryjy geňeşiniň orunbasary şeýle-de üstümizdäki ýylda 9-nji Deý gününiň maksatlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin Basirat on günlüginde ýurduň boýdan başynda 10 müň maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.