9-nji Deý gününiň merasymy Eýranyň boýdan başynda geçirildi
hüşgärlik we fagyh ýolbaşçysyna gol bermek güni bolan 9-nji Deý gününiň ýygnagy we ýol ýöreşi Eýran milletiniň giňden gatnaşmaklary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň boýdan başynda geçirildi.
şu gün 9-nji Deý gününi gadyrlamak ugurdaky ýygnaglar we ýol ýöreşler Eýranyň paýtagty tehran bilen birlikde ýurduň beýleki welaýatlarynda we şäherlerinde şol sanda Gülüstan welaýatynda hem ilatyň hyjuly gatnaşmaklarynda geçirildi.
bu ýygnaglaryň we ýol ýöreşleriň soňunda çykarylan jemleýji beýannamasynda Eýranyň hüşgär ilaty duşmanlaryň we imperializmiň garşysynda hüşgärlik bilen durup özleriniň yslam ynkylabynyň arzly maksatlaryndan arka çykjakdyklaryny nygtadylar.
2009-nji ýyl bilen barabar 1388-nji ýylda Eýranda geçirilen 10-nji prezident saýlowlarda galyplygyň bolmagyny bahanalap duşmanlara eýerýän pitneçileriň we bozgynçylaryň bozgakçylykly işlerinden soň Eýranyň ynkylapçy ilaty şol ýylyň Deý aýynyň 9-nji güni bilen barabar Dekabr aýynyň 30-nde bir uly ýol ýöreşi geçirip özleriniň yslam ynkylabyndan arka çykýandyklaryny we bozgunçylaryň işlerini ýygrenýändigini bir ses bolup perýat etdiler.
Eýran ilatynyň şol günde döreden bu gahrymançylykly işi şol ýyldan bäri her ýylda şeýle bir günde gadyrlanyp gelýändir.