Zarif:Eýran bilen Orsýet sebitde parahatçylygyň yzyndadyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6655-zarif_eýran_bilen_orsýet_sebitde_parahatçylygyň_yzyndadyrlar
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif dünýäde kä ýurtlaryň uruş aramaklaryna yşarat edip Eýran bilen Orsýet sebitde we dünýäde howpsuzlygyň we parahatçylygyň yzyndadyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 30, 2019 15:54 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýran bilen Orsýet sebitde parahatçylygyň yzyndadyrlar

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif dünýäde kä ýurtlaryň uruş aramaklaryna yşarat edip Eýran bilen Orsýet sebitde we dünýäde howpsuzlygyň we parahatçylygyň yzyndadyrlar diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Moskwada Orsýeti daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda sebit barada peýdaly çäreleri öňe sürmekde tehran bilen Moskwa ugurdaşdyrlar diýmek bilen Eýran bilen Orsýetiň ara-gatnaşyklary ýokary derejede dowam edýändir we Tehran bu ara-gatnaşyklary berkitmegiň tarapdarydyr diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de Eýran,Orsýet we Hytaýyň bilelikde geçiren deňiz türgenleşigine yşarat edip Tehran bilen Moskwa özara arkalaşyklaryny dürli derejelerde dowam ederler diýip beýan etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem bu duşuşykda Tehran bilen Moskwanyň sebitleýin we halkara meseleleriň köpüsinde bir pikire gulluk edýändiklerine yşarat edip barlyşyk we parahatçylyk barada Eýran bilen Orsýetiň bilelikde öňe süren çäreleri bu meseläni subut edýändir diýip ynam bildirdi.

Lawrow şeýle-de Amerikanyň bir taraplaýyn ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda çykmagyny bir bikanun iş bilip Amerikanyň bu işi Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatyna ters gelýändir oňa görä hemmeler bu ylalaşygy ýok olmakdan saklamak ugurda tagalla etmelidirler diýip sözlerine goşdy.

ýokary derejeli bir topara baştutanlyk edip Moskwa sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Zarif rus resmileri bilen duşuşyklaryny tamamlany soň Hytaýa sapar eder.