prezident Ruhani:gadaganlyklara garamazdan Eýranyň ösüşi talaba laýykdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola beren gadaganlyklaryna yşarat edip şondan gelende Eýranyň ösüşi talaba laýykdyr diýip yglan etdi.
Eýranyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Ärdäbil welaýatyna sapar eden prezident Ruhani bu welaýatda beren gürrüňlerinde Eýran milletini dyza çökertmekde Amerikanyň şowsuzlyga uçramagyna yşarat edip Eýranyň dürli ýerlerinde şol sanda Ärdäbiliň ýörite senagatlaşan sebitiňde möhüm ykdysady taslamalaryň we senagat bölümleriň ulanyşa berilip durulmagy Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlyklary ýola bermekde işiniň şowuna bolmandygyny görkezýändir diýip nygtady.
Eýran milleti özüniň berk yradasy bilen Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durup ylym bilim,senagat,ahlak we ýurdy ösdürmek ugurlarda ösüp öňe barýandyr diýip prezident Ruhani aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti duşmanlaryň özleriniň ýaman pällerinden gaýtmalydyrlar diýmek bilen ýadro ylalaşygy bozan taraplar hökman başlangyç nokata dolanyp goýberen ýalnyş işlerini ykrar etmelidirler diýip beýan etdi.
prezident Ruhani şu gün bir näçe ykdysady,senagat we düýp gurluşyk boýunça möhüm taslamalary ýola bermek üçin Ärdäbil welaýatyna bardy.