Eýran Amerikanyň Tehranyň tersine öňe süren aýyplamasyny ret etdi
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň müdimi wekili Majid Tahyt Rawançi Amerikanyň Eýrana ýapýan aýyplamalaryny Amerikanyň geçen 17-ýyllykda Yrakda ýola beren jenaýatlarynyň üstüni basyrmak ugurda öňe sürlen aýyplamalar bildi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Tahyt Rawançi Amerikanyň Bagdaddaky ilçihanasyna edilen hüjüm barada Eýrany aýyplamagynyň gaýtawulynda Amerikanyň bu meselede Eýrany aýyplamagynyň maksady ünsleri Waşingtonyň Yrakda ýola beren soňky jenaýatynyň üstünden sowmaklykdyr diýip beýan etdi.
Amerikanyň Yrakda Haşad al-Şaabi güýçleriniň tersine ýola beren soňky hüjüminde bu güýçden onlarça adam şehit ýa-da ýaraly boldylar.
Haşad al-Şaabi güýçleri bir kanuny topardyr we bu topar Yragyň kanunlary esasynda döredilip bu ýurtda terrorçy DAEŞ toparynyň öňüni almakda we DAEŞ toparyny ýeňmekde esasy roly oýnaýandyr diýip Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň müdimi wekili aýtdy.
Amerikanyň resmileri şol sanda bu ýurduň prezidenti Tramp we daşary işler ministri Pompeo Amerikanyň uçarmansyz uçarlar arkaly Haşad al-Şaabiň pozisiýalaryna hüjüm etmeginden soň ýüze çykan ýagdaýlarda Eýrany ýazykly görkezjek bolup tagalla edendirler.
düýn Yrak ilatynyň müňlerçesi Bagdadyň ýaşyl sebitinde ýerleşen Amerikanyň ilçihanasynyň garşysynda ýygnanşyp ölüm bolsyn Amerika diýen şygary perýat etdiler.
protestçiler Amerikanyň baýdagyny otlamak bilen bu ilçihananyň ýapylmagyny we Amerikanyň ilçisiniň Yrakdan çykarylmagyny islediler.