orny belent ýolbaşçy:sebit ilaty Amerikany gaty ýigrenýändirler
(last modified Wed, 01 Jan 2020 12:14:02 GMT )
Jan 01, 2020 17:14 Asia/Ashgabat
  • orny belent ýolbaşçy:sebit ilaty Amerikany gaty ýigrenýändirler

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy men,Eýran döwleti we milleti Amerikanyň Yragyň Haşad al-Şaabi güýçlerine hüjüm etmekde ýola beren jenaýatyny berk ýazgarýarys diýmek bilen sebit ilaty Amerikany berk ýygrenýändirler diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi hezlertleri şu gün Eýranyň boýdan başyndan gelen medisina şepagatçylaryň ýygnagynda beren gürrüňlerinde sebitde ylaýtada Yrakda Amerikanyň ýigrenilmegini Amerikalylaryň ýola berýän jenaýatlaryna sebit ilatlaryň görkezýän tebigy gaýtawuly bilmek bilen Amerikanyň Yragyň Haşad al-Şaabi güýçlerine hüjüm etmegi aslynda DAEŞ terrorçylaryň aryny almak üçin ýola berilen işdir sebäbi Yrakda DAEŞ-yň öňüni alyp ony ýok eden güýç Haşad al-Şaabidir diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de düýn Bagdatda ýüze çykan wakalarda Amerikanyň prezidenti Trampyň Eýrany aýyplamagyna yşarat edip:Amerika bihut aýdýar sebäbi bu meseläniň Eýrana degişli ýeri ýokdyr diýip nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň uruşyň yzynda däldigini hemmeler bilmelidirler emma Eýran Eýran milletiniň yzzatyny,ulylygyny we ösüşini howpa düşürýän tarapa hiç hili geçirimlilik etmäni oňa berk urgyny urjakdyr diýip Aýatolla Hameneýi hezretleri aýtdylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de Amerikanyň ýola beren jenaýatlaryna aýratynda Amerikanyň Blck Watter serwisiniň Yrak we Owganystanda ýola beren jenaýatlaryna şol sanda Yrakly alymlaryň we ilatynyň müňlerçesini gyrana bermekde ýola beren jenaýatlaryna yşarat edip Amerikaly resmileriň kä sebit ýurtlaryndan rugsat soramazdan bu ýurtlara sapar etmekleri ýa-da özleriniň bazalarynda huzurly bolmaklary Amerikalylaryň sebit ýurtlaryny we milletlerini äsgermezlikde ýola berýän işleriniň bir görnüşidir diýip beýan etdi.

Aýatolla Hameneýi hezlertleri sözleriniň dowamynda Eýran milletini bütin sahnalarda taýýar,hüşgär we batyr millet bilmek bilen ahyrda üstünlik Eýran milletine mahsus bolar we Eýranyň ertesi bu günden has gowy bolar diýip ynam bildirdiler.