Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Serdar Suleýmanini şehit edenlerden ýaman ar alynjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6676-mertebesi_belent_Ýolbaşçy_serdar_suleýmanini_şehit_edenlerden_ýaman_ar_alynjakdyr
Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri bir sargyt boýunça Serdar Suleýmaniniň şehit bolmagyny pata aýtmak bilen ony şehit edenlerden ýaman ar alynjakdyr diýdiler.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jan 03, 2020 09:06 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Serdar Suleýmanini şehit edenlerden ýaman ar alynjakdyr

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri bir sargyt boýunça Serdar Suleýmaniniň şehit bolmagyny pata aýtmak bilen ony şehit edenlerden ýaman ar alynjakdyr diýdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri ýaňky sargydynyň dowamynda ençeme ýyllap uruş meýdanlarynda we şeýtanlara we dünýäniň şerçilerine garşy hereket edip alla ýolunda şehit bolmagy arzuwlap gezen serdar Suleýmani ahyr soňunda bu uly derejä ýetdi we onuň gany dünýäniň iň rehimsiz adamlary arkaly ýere döküldi diýip nygtadylar.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri sargydynyň dowamynda şehitlik derejesi Serdar Gasem Suleýmaniň ýyllar boýy eden tagallasynyň padaşydyr diýmek bilen serdar suleýmaniň aramyzdan gitmegi bilen onuň ýoly aramyzdan ýitmez  diýip beýan etdiler. 

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri şeýle-de şehit serdar Gasem Suleýmani çydam toplumynyň halkara şahsyýetidir  we çydam tolumynyň hossarlary şehit Suleýmaniň aryny almagyň yzyndadyrlar diýmek bilen bütin dostlarymyz we duşmanlar bilip goýsynlar çydam ýolunyň jihady ulyrak hyjuw bilen dowam eder we bu mübärek ýoluň jihatçylary hökmany ýeňişe garaşýandyrlar diiýp nygtadylar.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri sargydynyň dowamynda eziz we janaýamaz serdarymyzyň aramyzda ýoklygy ajy wakadyr emma söweşi dowam etmek we soňky ýeňişe ýetmek jenaýatkärleriň aşyna awy gatar diiýp beýan etdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýran milleti derjeleri uly bolan şehitler serdar gasem Suleýmaniň we onuň ýanynda şehit bolanlaryň ylaýtada yslamyň uly jihatçysy Abumahdi Al-Mohandesiň hatyrasyny we ýatlaryny uly saklarlar we men Eýranda 3 gün umumy matam diýip yglan edýärin diýdiler.

serdar Gasem Suleýmani  juma gün daňdan Yragyň halkara howa menziliniň ýakynda Amerikanyň terrorçy güýçleriniň uçarmansyz uçarlary arkaly amala aşyran hüjümlerinde şehit boldy.