Eýranyň mejlis we kazyýet güýçleriniň başlyklary sepahbod Suleýmaniň şehit edilmegini pata aýtdylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6680-eýranyň_mejlis_we_kazyýet_güýçleriniň_başlyklary_sepahbod_suleýmaniň_şehit_edilmegini_pata_aýtdylar
Eýranyň yslam şura mejlisiniň we kazyýet güýjüniň başlyklary serdar sepahbod Suleýmaniň şehit edilmeginiň yzy bilen beren aýry aýry sargytlarynda Amerikanyň bu jenaýatyna berk jogabyň beriljekdigini nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 03, 2020 13:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis we kazyýet güýçleriniň başlyklary sepahbod Suleýmaniň şehit edilmegini pata aýtdylar

Eýranyň yslam şura mejlisiniň we kazyýet güýjüniň başlyklary serdar sepahbod Suleýmaniň şehit edilmeginiň yzy bilen beren aýry aýry sargytlarynda Amerikanyň bu jenaýatyna berk jogabyň beriljekdigini nygtadylar.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýid Ybrahim Raeisi sepahbod Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatyny ýazgaryp bu günki gün çydam toplumy serdar Suleýmaniň we onuň ýaranlary we Abumahdi Al-Mohandesiň şehit edilmeginiň ýasyny tutsalar-da olaryň päk ganlarynyň her bir damjasyndan ýüzlerçe Gasym Suleýmani sebitde we dünýäde dörär diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani hem bu barada beren sargydynda Eýranyň beýik milleti özüniň gahryman perzentleriniň ganyndan hergiz geçmez diýmek bilen bu günki gün Amerika dünýäniň ýüzünde iň ýygrenilýän režimdir we imperializm düzgüni özüniň bu hili jenaýatlary bilen musulman milletleriň içinde önüp ösen beýik söweşijileriň yradasyny gowşadyp bilmejekdigini bilýändir diýip beýan etdi.