general Suleýmaniň jesedi Eýranyň Ahwaz we Maşat şäherlerinde uzadyldy
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň serkerdesi general Gasym Suleýmaniň we onuň şehit ýaranlarynyň jesetleri şu gün Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşen Huzystan welaýatynyň merkezi Ahwaz şäherinde we öýleden soň hem Maşat şäherinde uzadyldy.
Huzystan welaýatynyň dürli etraplaryndan we şäherlerinden Ahwaza gelen uly ilat bu merasyma gatnaşyp serdar Suleýmaniň we onuň şehit ýaranlarynyň jesetlerini uzatdylar.çagalaryň, ýaşlaryň ,dürli kowumlaryň we şehitleriň içeri maşgalalarynyň bu merasyma gatnaşmaklary merasyma azamat berendir.
şeýle-de şu gün öýleden soň general Gasym Suleýmaniň we onuň şehit ýaranlarynyň jesetleri Maşat şäherine geçirileni soň bu şäheriň millionlarça ilaty we jogapkärleriniň gatnaşmaklarynda uly hyjuw bilen serdar Suleýmaniň we şehit ýaranlarynyň päk jesetlerini uzatdylar.