Larijani:serdar Suleýmaniň terror edilmegi halyk-ara kanunlaryň tersinedir
(last modified Sun, 05 Jan 2020 14:33:58 GMT )
Jan 05, 2020 19:33 Asia/Ashgabat
  • Larijani:serdar Suleýmaniň terror edilmegi halyk-ara kanunlaryň tersinedir

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani şu gün mejlisiň güntertibiniň öň ýanynda beren gürrüňlerinde general Gasym Suleýmani we onuň ýaranlaryny şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatyny ýazgaryp Amerikaly harbylaryň başga bir ýurtda bir halykara menziliň golaýynda Eýranyň ýokary derejeli bir resmisini we Yragyň hem bir ýokary derejeli resmisini howa hüjümleri bilen şehit etmeleri halykara kanunlara asla sygýan däldir diýip yglan etdi.

Larijani Amerikalylar rugsatsyz gijesine ogrynlykda bu jenaýaty ýola goýandyrlar diýmek bilen Amerikanyň wagşyçylykly bu işi uruş jenaýatydyr diýip beýan etdi.

Eýran mejlisiniň başlygy şeýle-de general Suleýmaniň Eýran we sebitiň taryhynda uly şahsyýetdigine yşarat edip general Gasym Suleýmani Yrakdyr Siriýa döwletleriniň islegleri esasynda bu ýurtlaryň ilatlarynyň kömegine baryp terrorçylary ýok edendir diýdi.

Amerikanyň prezidenti Tramp bu jenaýaty bilen içinden çykyp bilmejek batga girendir we bu terrorçylykly işiň netijesi olara aji boljakdyr diýip Larijani sözlerine goşdy.