Zarif:Tramp Amerikanyň Aziýanyň günbatarynda uçran ýagdaýyny ýawuzlaşdyryp durandyr
(last modified Tue, 07 Jan 2020 19:27:21 GMT )
Jan 08, 2020 00:27 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Tramp Amerikanyň Aziýanyň günbatarynda uçran ýagdaýyny ýawuzlaşdyryp durandyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Aziýanyň günbatarynda Waşingtonyň uçran ýagdaýyny ýowuzlaşdyryp durandyr diýdi

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehran maslahatynyň ýanynda CNN tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kudus Güýjüniň serkerdesi general Suleýmaniň terror edilmeginden soň Amerikanyň ýola berjek harby hereketlerinden gorkýan däldir diýip yglan etdi.

 

Amerika döwleti serdar Suleýmanini terror edip Eýranyň medeni merkezlerini urmak barada haýbat atmak bilen özüniň halyk-ara kanunlara hormat goýmaýandygyny ýene bir gaýtar subut edendir diýip Zarif aýtdy.

 

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de serdar Suleýmanini uzatmak dabarada Eýran milletiniň giňden gatnaşmaklaryna yşarat edip Tramp Eýran ilatynyň millionlarça bolup bu dabara gatnaşmaklaryny aňmalydyr we haýbat atmakdan el götermelidir sebäbi haýbat atmak Eýran milletini gorkuzyp başarmaz diýip sözüne goşdy.

Tags