Zarif: BMG-iň jarnamasynyň 51-nji bendi esasynda Eýran özüni gorandyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýranyň Sepah Pasdaranynyň general Gasem Suleýmaniň aryny almak ugurda Yrakdaky Amerikanyň Eýnol Asad harby bazasyny hüjüm astyna alanlygyna yşarat edip BMG-iň jarnamasynyň 51-nji bendi esasynda Eýran özüni gorandyr diýip yglan etdi.
şu gün Muhammet jawad Zarif twitter sahypasynda Eýran Yslam respublikasy özüni goramak ugurda amatly hereketlere baş goşandyr we Eýranyň raýatlaryna we Eýranyň ýokary derejeli resmilerine garşy jenaýatyň amala aşyrlan baza garşy hüjümlerini amala aşyrandyr diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif martlabynyň dowamynda Eýran menjeşik döretmek ýada uruşmagyň yzynda däldir emma her hili hüjümiň garşysynda özüni gorajakdyr diýip ýazdy.
Eýranyň Sepah Pasdarany general Gasem Suleýmaniň aryny almak ugurda Yrakdaky Amerikanyň Eýnol Asad harby bazasyny dargatdy.
serdar Gasem Suleýmani we Abumahdi Mohandes we ýene 8 adam juma gün daňdan Yragyň halkara howa menziliniň ýakynda Amerikanyň terrorçy güýçleriniň uçarmansyz uçarlary arkaly amala aşyran hüjümlerinde şehit boldylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Amerikanyň amala aşyran ýaňky jenaýatyndan soňra General Suleýmani we onuň ýaranlarynyň şehit bolmagyny pata aýtmak bilen bu jenaýata baş goşanlardan ýaman ar alynjakdygyny yglan etdiler.