Tahytrawançi bilen Guterreşiň duşuşygy
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky mydamlyk wekili we ilçisi Majid Tahytrawançi düýn Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreşiň duşuşygynda Eýranlylaryň Eýran topragyny goramakda berk yrada gulluk etýändiklerini aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky mydamlyk wekili we ilçisi Majid Tahytrawançi DAEŞ terrorçylary ýeňmekde we terrorizme garşy göreşde şehit general Gasym Suleýmaniň oýnan aýgytly rolyna yşarat edip general Suleýmanini Eýranyň we sebitiň uly gahrymany bildi.
Tahytrawaçi Amerikanyň ýola beren jenaýatyna yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň berk jogabyna yşarat edip elbetde Eýran uruşyň yzynda däldir we sebitiň durnuklylygyny isleýändir diýdi.
bu duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreş hem Eýranyň sebitde oýnan peýdaly rolyndan gadyrdanlyk etmek bilen sebitiň parahatçylygynda Hormoz barlyşyk taslamasyny täsirli bildi.