Jalali bilen Bugdanow sebitiň soňky özgerişleri barada gürrüň etdiler
Eýranyň Orsýetdäki ilçisi bilen Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary sebitiň soňky özgerişleri şol sanda Siriýa,Yrak we Liwiýanyň ýagdaýlary barada gürrüň etdiler.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazym Jalali bilen Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary we prezident Putiniň günbatar Aziýanyň işleri boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow düýn Moskwada geçiren söhbetdeşliklerinde iki taraplaýyn gatnaşyklar,sebitiň soňky özgerişleri Eýranyň Hormoz barlyşygy hem-de Pars aýlagynyň howpsuzlygyny toparlaýyn suratda üpjün etmek baradaky Orsýetiň taslamalary barada gürrüň edip pikir alyşdylar.
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow bu duşuşykda yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň serkerdesi şehit general Gasym Suleýmanini gaty möhüm adam hasaplap onuň şehit bolmagyny pata aýtdy.
Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazym Jalali hem Tehran bilen Moskwanyň ara-gatnaşyklarynyň ähmiýetine yşarat etmek bilen Eýran resmileriniň Orsýet bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdygyny yglan etdi.