Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň Ukrainanyň uçar heläkçiligi baradaky bildirişi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6755-eýranyň_ýaragly_güýçleriniň_baş_ştabynyň_ukrainanyň_uçar_heläkçiligi_baradaky_bildirişi
Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby Ukrainanyň howa ýollar guramasyna degişli bir ýolagçy gatnadýan uçaryň Tehranyň golaýynda ýere gaçmagy barada bir bildirişi ýaýratdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 11, 2020 18:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň Ukrainanyň uçar heläkçiligi baradaky bildirişi

Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby Ukrainanyň howa ýollar guramasyna degişli bir ýolagçy gatnadýan uçaryň Tehranyň golaýynda ýere gaçmagy barada bir bildirişi ýaýratdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň şu gün ýaýradan bildirişinde Amerikanyň prezidenti Trampyň we Amerikaly harby serkerdeleriň haýbat atmalarynyň yzy bilen we Eýranyň topragynyň köp ýerlerini hüjüm astyna aljak diýip sebitde howalyk hereketlerini artdyrmaklarynyň yzy bilen Eýranyň ýaragly güýçleri Amerikanyň ähtimallaýyn haýbat atmalaryna we hüjümlerine jogap bermek üçin ýokary taýýarlykdadyrlar diýip yglan etdi.

Eýranyň Amerikanyň Yrakdaky harby bazalaryna garşy ýola beren raketalyk hüjümlerinden bir näçe sagat soň olaryň uruş uçarlary Eýranyň serhetlerine ýakyn sebitlerde uçup başladylar we radarlaryň sahypasynda bir näçe maksatlar göründi bu mesele hem Eýranyň howa hüjümlere garşy göreşýän güýçleriniň ýitiligine sebäp boldy diýilip ýaňky beýannamada getirilýär.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby durmuşky ýiti we dartgynlylykly ýagdaýlarda Ukrainanyň 752 sanly uçuşy Ymam Homeýni(ra) howa menzilinden hereket edip aýlanan mahaly Sepah Pasdaran güýjüniň bir ýiti harby merkezine golaýlap edil bir hüjümçi uçaryň suratynda görünipdir şeýlelik bilen adam ýalňyşmasy zerarly we bilkastlaýyn bolmadyk suratda atylan raketalar ýaňky uçara degendir diýip açyklady.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby bu hadysda gurban bolanlaryň içeri maşgalalaryndan ötünç soramak bilen bu hili ýalňyşlyklaryň gaýtalanmajakdygyny ynam berdi.