Rabiei:Britaniýa döwleti Eýranyň içeri işlerine gatyşmasyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6771-rabiei_britaniýa_döwleti_eýranyň_içeri_işlerine_gatyşmasyn
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Britaniýanyň Tehrandaky ilçisi Robert Mcairiň Tehranda bir bikanun üýşmeleňde huzurly bolmagyna gaýtawul görkezip Londondan Eýranyň içeri işlerine goşulmakdan saklanmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 13, 2020 14:53 Asia/Ashgabat
  • Rabiei:Britaniýa döwleti Eýranyň içeri işlerine gatyşmasyn

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Britaniýanyň Tehrandaky ilçisi Robert Mcairiň Tehranda bir bikanun üýşmeleňde huzurly bolmagyna gaýtawul görkezip Londondan Eýranyň içeri işlerine goşulmakdan saklanmagyny isledi.

Britaniýanyň Tehrandaky ilçisi Robert Mcair geçen şenbe güni Tehranyň Amir Kabir adyndaky ýokary okuw jaýynyň garşysynda ýola berilen bikanun üýşmeleňde huzurly bolmagy sebäpli tutuldy emma kimligi belli bolany soň azat edildi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Britaniýanyň Tehrandaky ilçisiniň işini ýaramaz bilmek bilen Eýranyň daşary işler ministrligi Robert Mcairi çagyryp Eýranyň Britaniýa döwletine bolan arzasyny oňa gowşurdy diýip yglan etdi.

Eýranyň içeri işlerine gatyşmakda Britaniýa döwleti mundan ozal öz ýakasyny tanadandyr oňa görä London Eýranyň içeri meselelerine goşulmakdan saklanmalydyr diýip Rabiei sözlerine goşdy.