Reisi:Amerikanyň terrorçy prezidenti hökman suda çekilmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6775-reisi_amerikanyň_terrorçy_prezidenti_hökman_suda_çekilmelidir
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy general Gasym Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatyna yşarat edip Amerikanyň terrorçy prezidenti bu jenaýat üçin hökman suda çekilmelidir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 13, 2020 18:51 Asia/Ashgabat
  • Reisi:Amerikanyň terrorçy prezidenti hökman suda çekilmelidir

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy general Gasym Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatyna yşarat edip Amerikanyň terrorçy prezidenti bu jenaýat üçin hökman suda çekilmelidir diýip nygtady.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi general Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren işini halkara kanunlaryň we konwensiýonlaryň tersine bilip general Suleýmani mazlumlardan arka çykmakda we terrorizme garşy göreşmekde bir simwolady şonuň üçin Amerikanyň ýola beren bu jenaýatyny halkara derejesinde yzarlap bolar diýip ynam bildirdi.

Reisi halkara guramalaryň Amerikanyň halkara kanunlaryň tersine ýola beren ýaňky jenaýatyny yzarlamaklaryny nygtap dünýäniň oýa weždanlary yslam ymmaty we Eýranyň kazyýet güýji hökman bu meseläni yzarlajakdyr diýip beýan etdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy şeýle-de general Suleýmanini uzatmakda ilatyň millionlap gatnaşmaklaryna yşarat edip bu bir uly epikdi we yslam dünýäsiniň Amerika döwletini näderejede ýygrenýändiklerini tomaşa goýandyr diýip belläp geçdi.