Eýranyň raketa kuwwatlylygy
8-nji ýanwarda Eýran, Amerikanyň Yrakdaky harby bazasyna garşy raketa hüjümlerini amala aşyrdy.
Eýran 13 raketa bilen Amerikanyň Yrakdaky Eýnol Asad bazasyny hüjüm astyna aldy.bu hüjümler Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýhüniň serkerdesi general Gasem Suleýmanini terror etmek baradaky Amerikanyň amala aşyran jenaýatyna berilen gaýtawuldyr.
turubaşda Amerika bu hüjümleriň ýetiren zyýany ýokdy diýip toslady. Donald Tramp şu esasda şeýle aýtdy:"geçen gije Eýran režiminiň amala aşyran hüjümlerinde Amerikaly hiç bir adama zyýan ýetmedi. biz hiç hili zeper görmedik. biziň bütin esgerlerimiz sag-amandyr we diňe bir az harby harby bazamyza zyýan ýetendir."
emma indi Amerikanyň 11 harbysyna agyr zyýanlaryň ýetenligi belli boldy.
habarlar gelşine görä olar Amerikanyň Germaniýa we kuweýtdaki bazalaryna geçirlendir.bu habarlaryň gizlenmegi hem Trampyň yzya çekilmegine şert döretmegi we ýagdaýyň tizlik bilen çylşyrymlaşdyrmagyň öňüne geçmek üçin bolmagy mümkindir.emma CNN tele kanaly beren hasabatlarynda belli bolşyna görä Amerikanyň Yrakdaky bazasyna ýeten zyýanlar gaty kändir.
birnäçe habar serişdesi Eýnol Asad bazasyna baryp ýakyndan reportaž taýýarlandyrlar .