Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Ýewropalylaryň adalatdan daş bolan pozissiýalaryna tankyt bildirdi
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Germaniýa,Britaniýa we Fransiýanyň bilelikde çykaran beýannamalaryna yşarat edip ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak mekanizmany ýola düşürmekde Ýewropalylaryň tutan tutumyny adalatdan daş bolan tutum bildi.
Ýewropanyň ýaňky üç ýurdy geçen sişenbe güni bir beýannama çykaryp ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmagyň mekanizmany işe alýandyklaryny yglan etdiler.
Eýranyň mejlis başlygy şu gün mejlisiň açyk maslahatynda beren gürrüňlerinde Ýewropalylaryň bu işine yşarat edip ýaňky Ýewropa ýurtlaryň ministrleriniň birisiniň yglan etmegine görä Ýewropa ýurtlary ýaňky mekanizmadan peýdalanmadyk ýerinde Amerika olaryň bu ýurda eksport edýän maşynlaryna baglaýan gümrük hakyny ýüze 25 artdyrjakdygy barada duýduryş berendir diýip beýan etdi.
Ali larijani ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny ýerine ýetirmekde Ýewropalylaryň öz sözlerinde tapylmazlyklaryna yşarat edip Amerikanyň bu ylalaşykdan çykmagyndan bir ýyldan eýräk wagt geçen mahaly hem Ýewropalylar diňe syýasy beýannama bermeklige kanagat edendirler diýip belläp geçdi.indi Eýran Ýewropalylaryň boluşlaryna görä tutum tutmaly bolar diýip Eýranyň mejlis başlygy sözlerine goşdy.