Zarif:sebitiň häzirki howply ýagdaýynda Amerika döwleti ýazyklydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6807-zarif_sebitiň_häzirki_howply_ýagdaýynda_amerika_döwleti_ýazyklydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Aziýanyň günbatar sebitiniň häzirki howply ýagdaýynda Amerika döwletini ýazykly bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 19, 2020 14:03 Asia/Ashgabat
  • Zarif:sebitiň häzirki howply ýagdaýynda Amerika döwleti ýazyklydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Aziýanyň günbatar sebitiniň häzirki howply ýagdaýynda Amerika döwletini ýazykly bildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Hindistanyň timesnow internetulgamy bilen geçiren söhbetdeşliginde sebitiň häzirki howply ýagdaýynda Amerika döwletini ýazykly bilmek bilen Amerika döwleti sebitiň bütin meselelerine sebit milletleriň dälde eýsem özüniň bähbitleri esasynda garaýandyr diýip beýan etdi.

Zarif şeýle-de sebit milletleriniň yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serhet-aşa Kudus güýjüniň serkerdesi general serdar Gasym Suleýmanidan we onuň terrorizma garşy rolyndan arka çykmaklaryna yşarat edip general Suleýmanini terror eden Amerika döwleti bilmelidir onuň bu jenaýatyndan soň dünýäniň köp sebitlerinde serdar Suleýmaniň hatyryna köp merasymlar geçirilendir diýip sözlerine goşdy.

serdar Suleýmaniň terror bolmagyndan diňe DAEŞ,Amerikanyň prezidenti Tramp we daşary işler ministri Pompeo hoşhal bolandyrlar diýip Zarif aýtdy.