Eýranyň goranmak ministri:Eýran duşmana berk gaýtawuly berip bilýändir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6818-eýranyň_goranmak_ministri_eýran_duşmana_berk_gaýtawuly_berip_bilýändir
Eýranyň goranmak ministri sertip Amir Hatami Eýran özüniň içki kuwwatlylygyna daýanyp duşmanyň her hili howpuna berk gaýtawuly berip biljekdir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 21, 2020 16:43 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň goranmak ministri:Eýran duşmana berk gaýtawuly berip bilýändir

Eýranyň goranmak ministri sertip Amir Hatami Eýran özüniň içki kuwwatlylygyna daýanyp duşmanyň her hili howpuna berk gaýtawuly berip biljekdir diýip nygtady.

Eýranyň goranmak ministri sertip Hatami Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerine yşarat edip Eýranyň goranyş kuwwaty bütin ugurlarda ynam dörediji güýçdir we yslam Eýranyň beýleki ýerliklerde kuwwatly bolmagyna sebäpkärdir diýip beýan etdi.

sertip Hatami şeýle-de Amerikanyň edýän duşmançylykly işlerine yşarat edip yslam göreşjeňleriniň we çydam güýçleriniň gaýduwsyzlygy bilen Amerikanyň edýän duşmançylykly işleri şowsuzlyga uçrajakdyr diýip sözlerine goşdy.