Sattari:Amerikanyň gadaganlyklary Eýranda tehnologiýanyň ösmegine sebäp boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6829-sattari_amerikanyň_gadaganlyklary_eýranda_tehnologiýanyň_ösmegine_sebäp_boldy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň ylym we tehnologiýa işlerdäki orunbasary Surena Sattari Amerikanyň geçen 40 ýyllykda ýola beren zalymlykly gadaganlyklaryny Eýranda ylym-bilimiň we tehnologiýanyň gülläp ösmegine sebäpkär bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 23, 2020 18:32 Asia/Ashgabat
  • Sattari:Amerikanyň gadaganlyklary Eýranda tehnologiýanyň ösmegine sebäp boldy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň ylym we tehnologiýa işlerdäki orunbasary Surena Sattari Amerikanyň geçen 40 ýyllykda ýola beren zalymlykly gadaganlyklaryny Eýranda ylym-bilimiň we tehnologiýanyň gülläp ösmegine sebäpkär bildi.

Türkiýe ýurduna sapar eden Eýranyň prezidentiniň ylym we tehnologiýa işlerdäki orunbasary Surena Sattari düýn ikindin Stambulda iki ýurduň täjirleriniň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýola beren gadaganlyklary Eýrandan başga her bir ýurt bolsa ony ýykyp bilerdi emma Eýran özüniň aýagynyň üstünde durup Amerikanyň gadaganlyklaryny şowsuzlyga uçradandyr diýip yglan etdi.

Sattari şeýle-de tehnologiýanyň dürli örilerinde Eýranyň gaty ösendigine yşarat edip Eýranyň tehnologiýa ugurlarda arkalaşmaga we bu ugurda gazananlaryny Türkiýä geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýran Türkiýeli şereketlere ynamly hyzmatdaş bolup biljekdir diýip Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň ylym we tehnologiýa işlerdäki orunbasary Surena Sattari sözlerine goşdy.