Musawi serdar Gaanini terror etmek barada Brian Hookyň aýdanlaryny ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň Eýran işleri boýunça ýörite wekili Brian Hookyň yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranyňnyň Kudus güýjüniň serkerdesi serdar Gaanini terror etmek barada aýdanlaryna gaýtawul görkezip ony ýazgarmak bilen bu mesele Amerikanyň resmileriniň başlarynyň çaşandygyny we olaryň ejizligini görkezýändir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şeýle-de halkara köpçüliginden Amerikalylaryň bu hili boluşlaryny ýazgarmaklaryny islemek bilen bu gidiş dowam eden ýagdaýynda bir gün hemmeleriň ýakasyny tutjakdygyny aýtdy.
Amerikanyň Eýran işleri boýunça ýörite wekili Hook Waşingtonyň terrorçylykly kimliginiň çarçuwasynda aýdan gürrüňlerinde general şehit Gasym Suleýmaniň ýerine oturan serdar Gaaniň tersine boş gürrüňleri dile getirdi.
ol Dawosyň ykdysady jahanlyk ýygnagynyň ýanynda al-Şark al-Awsat gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde serdar Gaani general Suleýmaniň ýolunda gitse onuň ykbaly general Suleýmaniň ykbalyna meňzeş bolar diýip toslady.
Hook serdar Gaanini terror etmek barada haýbat atmakda aýdan gürrüňleriniň dowamynda bu haýbat täze haýbat däldir diýip toslady.