Eýran Liwanda täze döwletiň gurulmagyny gutlady
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Hesan Diýabyň prezidentliginde Liwanda täze döwletiň gurulmagyny bu ýurduň milletine we döwletine gutlady.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Seýed Abbas Musawi Liwanly toparlaryň oturyşyp geňeşmeklerinden we ylalaşmaklaryndan hoşalyk bildirmek bilen hakyň islegine üns berip sebitiň we halkara ýagdaýyň häzirki şertlerinde Liwanda täze döwletiň gurulmagy öňe tarap ädim bolmakdan aýry bu ýurduň kynçylyklaryny çözmek ugurynda oňyn hereketdir diýdi.
Musawi şeýle-de Liwanyň täze döwletiniň basyp alyjylygyň we eziji düzgüniň garşysynda berk durmakda uly buýsançlara eýe bolýan bu ýurduň ilatynyň isleglerini üpjün edip bilmegini umyt etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de Eýranyň Liwanyň täze döwletini goldaýandygyny aýdyp iki taraplaýyn ara-gatnaşyklary we arkalaşyklary ösdürmäge Eýranyň taýýardygyny beýan etdi.
Hesan Diýabyň premýer ministrliginde Liwanyň täze döwlet kabineti sişenbe agşamy 20 ministr bilen guruldy.