Larijani:Amerika sebiti diktaturalyga tarap iterýändir
Eýranyň mejlis başlygy Amerika sebiti halkara diktaturalyga tarap alyp barýandyr diýmek bilen şeýle bir ýagdaýda Eýran bilen Orsýetiň arkalaşyklary ýokary ähmiýetden paýlydyr diýip ynam bildirdi.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün Tehranda Orsýetiň Duma mejlisiniň başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň gatnaşmagynda geçirilen iki ýurduň parlament-ara ortak komissionynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Orsýetiň ortak duşmanlary we ortak bähbitleri bardyr şeýle-de olar gadaganlyklar taýdan hem meňzeş ýagdaýy tejribe edip durandyrlar diýip beýan etdi.
bu duşuşykda Orsýetiň Duma mejlisiniň başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem iki ýurduň parlamentleriniň arkalaşyklaryny nygtap bu arkalaşyklar Eýran bilen Orsýetiň ara-baglanşyklaryny çuňlaşdyryp biljekdir diýip ynam bildirdi.
Orsýetiň Duma mejlisiniň başlygy Wýaçeslaw Wolodin şu gün parlamentlik bir topara baştutanlyk edip Terana geldi.