Eýran mejlisinde NPT şertnamasyndan çykylmagy baradaky meselä garaldy
Jan 28, 2020 18:36 Asia/Ashgabat
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlyklar toparynyň agzasy , Eýranyň atom ýaraglaryň ýaýradylmagyny gadagan edýän NPT şertnamasyndan çykmak meselesiniň ara atylanlygyny habar berdi.
Ahmad Amir Abadi farahani şu gün mejlisiň açyk maslahatynda eden çykyşynda NPT şertnamasyndan Eýranyň çykmagy we Eýrana garşy gadaganlyklarda Amerikany hemralyk edýän ýurtlaryň jezalandyrylmagy , mejlisiň başlyklar topary tarapyndan ara atylan iki taslamadyr diýdi.
mundan ozal Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem ýadro ylalaşygyň Ýewropaly taraplaryna garap, egerde Eýranyň dosýesi BMG_niň howpsuzlyk geňeşine iberilse Eýran NPT şertnamasyndan çykjakdyr diýip yglan edipdi.