Zarif:Asryň söwdasy atly taslamasy sebit we dünýä üçin gara basalykdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6873-zarif_asryň_söwdasy_atly_taslamasy_sebit_we_dünýä_üçin_gara_basalykdyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň öňe süren Sionistik Asryň söwdasy diýen taslamanyň hakynda beren gürrüňlerinde bu taslama sebit we dünýä üçin bir gara basalykdyr diýip ynam bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 29, 2020 12:54 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Asryň söwdasy atly taslamasy sebit we dünýä üçin gara basalykdyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň öňe süren Sionistik Asryň söwdasy diýen taslamanyň hakynda beren gürrüňlerinde bu taslama sebit we dünýä üçin bir gara basalykdyr diýip ynam bildirdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda barlyşygyň göz ýetimi ady bilen bu taslamanyň ýere degen bir dellal adam tarapyndan öňe sürülmegine yşarat edip bu taslamanyň musulmanlary gaplat ukysyndan oýanmaklaryna sebäp bolmagyny umyt etýärin diýip ýazdy.

Amerikanyň prezidenti Tramp düýn bir taraplaýyn hereketde we Palestinaly taraplaryň isleglerine üns bermezden özüniň Palestinalylaryň tersine bolan Asryň söwdasy diýen taslamasyny tomaşa goýdy.

Amerika tarapyndan öňe sürülen Asryň söwdasy Palestina milletiniň hak hukukyny ýok etmegiň yzyndadyr bu taslama kä Arap ýurtlaryň şol sanda Arabystan,Bahreýn we Arap Emirlikleriň arkalaşygy we ylalaşmagy bilen taýýarlanandyr.

Amerikanyň bu taslamasy esasynda Kudus şäheri Sionist režimine gowşurylýar,başga ýurtlardaky Palestinaly awaralar öz watanlaryna dolanmaga haklary ýokdyr we Palestina ülkesi Iordaniýa akarynyň galan ýerlerine we Gazza zolagyna çäklenjekdir.

Kudus şäheri 1967-nji ýyldan bäri Sionist režiminiň basyp alyjylygyndadyr.