Larijani Asryň söwdasy diýen taslama bilen musulman ýurtlaryň garşylaşmaklaryny nygtady
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün musulman ýurtlaryň parlament başlyklaryna ýollan hatlarynda bütin musulman ýurtlaryň Amerikanyň öňe süren Sionistik Asryň söwdasy diýen taslamasy bilen tersleşmeklerini nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Trampyň bu ýasama taslamasy Birleşen Milletler Guramanyň,Arap Bileleşiginiň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň karar hatlaryna we jarnamalaryna ters gelýändir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy Palestinanyň bütin hakyky ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda referendum geçirilip Palestina meselesiniň demokratik ýollardan çözülmegi barada özüniň teklibini Birleşen Milletler Guramanyň erkinde goýandyr we Palestinanyň mazlum milletiniň hak hukukynyň üpjün edilip Palestina meselesiniň adalatly çözülmegini nygtaýandyr diýip yglan etdi.
Larijani şeýle-de musulman ýurtlaryň mejlis başlyklaryna garap olardan Asryň söwdasy diýen bu ýasama taslama bilen garşylaşmaklay ugurynda arkalaşmaklaryny islemek bilen Palestinada referendumyň geçirilmeginden arka çykmak we parlamentlik diplomatiýadan peýdalanmak bilen Palestinanyň dartgynlylygyny çözmek gidişinde kömek edilmegini nygtady.
Arap Bileleşiginiň baş sekretary hem Trampyň öňe süren Asryň söwdasy diýen taslamasy bilen tersleşip bu taslama Palestina halkynyň hak hukukyny aýak aşaga salýandyr diýip ynam bildirdi.
şol bir wagtda BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat wekili Dujarik hem Trampyň ýaňky taslamasyna gaýtawul görkezip BMG-sy Ysraýylyň Palestina ülkelerinde salýan şäherçeleri we Bit al-Mukaddesiň ykbaly barada çykarlan ozalky karar hatlaryň hemmesine ykrarlydyr diýip yglan etdi.
Türkiýe bilen Liwanyň ilatlary hem protestleri geçirip Palestinanyň satlyk däldigini yglan etdiler.