Ruhani:Eýran harlyga hergiz boýun egmez
(last modified Sun, 02 Feb 2020 13:58:59 GMT )
Feb 02, 2020 18:58 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran harlyga hergiz boýun egmez

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani ezijileriň garşysynda çydam görkezip berk durmakdan aýry çärämiz ýokdyr diýmek bilen Eýran garşylaşmagy we igenşigi halaýan däldir emma har bolmagy we boýun egmegi hem kabul edýän däldir diýdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Tehranda Yslam Respublikasynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň gonamçylygyna baran mahaly beren gürrüňlerinde duşmanlaryň Eýran milletiniň tersine ýola berip duran taýsyz gadaganlyklaryna yşarat edip Eýran milleti özüniň yslam düzgününiň dogry uguryndan barýandygyna we zulumyň duşmanlar tarapyndan ýola berilip durandygyna ynamlydyr diýip beýan etdi.

duşman diňe bir Eýran milletine sütem eden däldir eýsem bütin musulman milletlere şol sanda Palestinanyň mazlum milletine sütem edendir diýip Prezident Ruhani aýtdy.

Prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň öňe süren Sionistik Asryň söwdasy diýen taslamasyny Amerikanyň maňlaýyndan bozulmajak hemişelik gara menek bilip dünýäniň azada milletleri we musulmanlary bu taslama garşydyrlar diýip beýan etdi.

Prezident Ruhani we Eýranyň döwlet toparynyň agzalary şu gün Yslam Ynkylabynyň üstünliginiň 41-nji ýyllygynyň öň syrasynda Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň gubirina  baryp onuň ruhyna aýat töwwir okamak bilen onuň şanyna hormat goýdylar.