Rabiei: Amerikanyň ykdysady terrorizmi, Eýranyň milletini maksat edinýändir
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Waşingtonyň Tehrana garşy bozgakçylykly işlerine yşarat edip Amerikanyň Eýran milletine garşy deňi0taýy görülmedik ykdysady terrorizmi we gadaganlyklary ilatyň gündelik ýaşaýyşlaryny maksat edinýändir diýdi.
Ali Rabiei şu gün habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Şweýsariýanyň ynsansöýer kanaly açmagy barada gürrüň berip bu iş şeksiz , Eýranyň, ýadro ylalaşygyň çarçuwasynda Ýewropa ýurtlardan isleýän isleglerini üpjün edýän däldir diýdi.
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei şeýle-de Amerikanyň ýaňky ynsansöýer kanalyň açylmagyna hemaýat berýänligi baradaky ikiýüzli gürrüňine yşarat edip Waşingtonyň formalite hemaýaty şeýle bir ýagdaýdadyr welin mundan ozal Eýrana dewa-derman we iýmit matdalaryň iberilmegini gadaganlyklara salýanlygyny ret edýärdi diýip sözlerine goşdy.