Eýranyň mejlis başlygy Ýewropanyň Amerikanyň garşysynda gowşak durmagyna tankyt bildirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrell-iň duşuşygynda Amerikanyň ýaramaz boluşlarynyň we iş bozarlyklarynyň garşysynda Ýewropa Bileleşiginiň gowşak durmagyna tankyt bildirdi.
Eýran mejlis başlygy Ali Larijani düýn Tehranda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrell-iň duşuşygynda şeýle-de sebitiň kynçylyklaryna çäre görmekde Eýranyň arkalaşmaga taýýardygyny yglan etdi.
bu duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrell hem general Gasym Suleýmaniň şehit edilmegini pata aýdyp iki taraplaýyn we sebitleýin meselelere çäre görmekde Ýewropa Bileleşiginiň arkalaşmaga taýýardygyny yglan etdi.
taraplar şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagy,sebitiň möhüm meseleleri şol sanda terrorizme we neşe gaçakçylygy we olara garşy göreşmek barada pikir alyp berişdiler.