Zarif:Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Palestina baradaky teklibi gaty oňaýlydyr
(last modified Tue, 04 Feb 2020 17:23:42 GMT )
Feb 04, 2020 22:23 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Palestina baradaky teklibi gaty oňaýlydyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Palestinada referendum geçirmek barada Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň öňe süren taslamasy Palestina meselesini çözmekde gaty oňaýly taslamadyr diýip beýan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehranda geçirilen bir merasymyň ýanynda beren gürrüňleriniň Amerika asryň söwdasy diýen taslamany öňe sürüp Palestina meselesiniň çözgüdine özüniň gatnaşyp bilmek şansyny elden berendir hem-de bu taslama bilen Palestinalylaryň hak hukuklaryny aýak aşaga salmakda we olaryň ýer ýurtlaryny basyp almakda özüniň hdta Sionist režiminden hem aşa geçendigini görkezendir diýip yglan etdi.

Palestinanyň ykbaly barada diňe Palestinalylaryň özleri tutum tutup bilerler diýip Eýranyň daşary işler ministri sözlerine goşdy.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp soňky günlerde asryň söwdasy diýen taslamany öňe sürdi bu taslama esasynda Kudus şäheri doly suratda we Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalaryndaky kä şäherçeler Sionist režimine gowşurylýar we Palestinaly awaralar öz watanlaryna gelmäge haklary ýokdyr.

 

Tags