Zarif:Eýran Trampyň serdar Suleýmanini terror etmek ýazygyny halkara guramalarda yzarlajakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Eýranyň Amerikanyň prezidenti Trampyň harby,ykdysady we medeni terrorçylykly işlerini halkara kazyýet guramalarda yzarlajakdyr diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Al-Maýadin tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde beren gürrüňlerinde general Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren işi gorkaklaryň işidi diýip beýan etdi.
Amerika uruş meýdanlarynda serdar Suleýmani bilen ýüzbe ýüz bolmakdan gorkýardy şonuň üçin hem bir terrorçylykly hereketde ony şehit etdi diýip Zarif aýtdy.
Zarif şeýle-de serdar Suleýmanini uzatmakda Eýran ilatynyň millionlarça bolup gatnaşmaklaryny Amerika döwletine urlan gaty şarpyk hasaplap onuň eseri Amerikanyň Aziýanyň günbataryndan çykýan zamanyna çenli dowam etjekdir diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Amerika tarapyndan öňe sürlen Sionistik asryň söwdasy diýen taslama hem yşarat edip Amerika bu işi bilen hiç bir dawada bitarap araçy bolup bilmejekdigini subut etdi diýip sözlerine goşdy.