Eýran bilen Ýewraziýanyň söwda dolanşygynyň möçberi bir milliard dollardan geçendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6956-eýran_bilen_Ýewraziýanyň_söwda_dolanşygynyň_möçberi_bir_milliard_dollardan_geçendir
Eýran gümrüginiň halkara işler boýunça baş müdiri 2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Eýran bilen Ýewraziýanyň arasynda gol çekilen söwda ylalaşygynda bäri Ýewraziýa Bileleşigi bilen Eýranyň bolan söwda dolanşygynyň möçberi bir milliard dolllardan geçendir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 09, 2020 17:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Ýewraziýanyň söwda dolanşygynyň möçberi bir milliard dollardan geçendir

Eýran gümrüginiň halkara işler boýunça baş müdiri 2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Eýran bilen Ýewraziýanyň arasynda gol çekilen söwda ylalaşygynda bäri Ýewraziýa Bileleşigi bilen Eýranyň bolan söwda dolanşygynyň möçberi bir milliard dolllardan geçendir diýdi.

Huseýin kahaki şu gün " eksport, tranzit we Ýewraziýa" ady bilen Tehranda geçirlen ýygnakda eden çykyşynda Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň geljegi aýdyňdyr diýmek bilen käbir ýurtlar şol sanda Hindistan bu bileleşige goşulmaga isleg bildirendir diýip nygtady.

Kahaki şeýle-de Eýran bilen Ýewraziýanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda Eýran 360 hili önümlerini Ýewraziýanyň çägindäki ýurtlara we Ýewraziýa ýurtlary hem 520 hili önümlerini Eýrana eksport edip başarýandyr diýip sözüne goşdy.

 durmuşda Orsýet, belarus, gazagystan, Ermenistan we Gyrgyzystan ýurtlary Ýewraziýa bileleşigine agzadyrlar.