Ruhani: Amerikanyň gadaganlyklary Eýran milletine garşy terrorçylykly hereketdir
(last modified Mon, 10 Feb 2020 16:18:01 GMT )
Feb 10, 2020 21:18 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerikanyň gadaganlyklary Eýran milletine garşy terrorçylykly hereketdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani daşary ýurtlaryň Tehrandaky ilçileriniň , wekiliýetleriniň başlyklarynyň we daşary guramalaryň wekilleriniň arasynda eden çykyşynda Waşingtonyň Tehrana garşy gadaganlyklaryny adakkärçilikden daşarda, bir jenaýat we Eýran milletine garşy terrorçylykly hereket hasaplady.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň yllygyna Yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 41-njy ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen duşuşykda eden çykyşynda Eýranyň taryhyna, siwiliasiýasyna  we medeniýetine ýetik adamlar zor aýtmagyň we guldurlygyň garşysynda hemde nädorgy sözüň we ýersiz basyşyp garşysynda başyny egmejekdigini bilýändirler diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda geçen iki ýylyň dowamynda Amerikanyň Eýrana garşy basyşlarynyň we gadaganlyklarynyň artanlygyna yşarat edip  daşary ýurtlaryň Tehrandaky ilçilerine , wekiliýetleriniň başlyklaryna we daşary guramalaryň wekillerine garap geçen 8 aýyň dowamyndaky ykdysady ölçeglere we maýagoýumlyklara , ykdysady ösüşine we döredilen iş pursatlara yşarat edip bu zatlar Amerikanyň Eýrana garşy pitneleriniň şowsuzlyga uçranlygyny belli edýändir diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň öňki serkerdesi şehit Gasem Suleýmani sebitiň durnuklylygynyň yzyndady diýmek bilen Ak Tamyň sebitde edýän işleri sebit milletleriniň bähbitleriniň hemde sebitiň durnuklylygynyň tersinedir diýip nygtap geçdi.