Zarif:sebitiň gahrymanlaryny terrorçy bilýänleriň sebitde hiç hili orunlary bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6961-zarif_sebitiň_gahrymanlaryny_terrorçy_bilýänleriň_sebitde_hiç_hili_orunlary_bolmaz
Eýranyň daşary işler ministri Tehrandaky daşary ýurtly guramalaryň we wekilçilikleriň başlyklarynyň we ilçileriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýanynda durup sebitiň gahrymanlaryny terrorçy diýip tanadýan şahsyýetleriň hiç birisiniň Aziýanyň günbatarynda orunlary bolmaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 10, 2020 18:04 Asia/Ashgabat
  • Zarif:sebitiň gahrymanlaryny terrorçy bilýänleriň sebitde hiç hili orunlary bolmaz

Eýranyň daşary işler ministri Tehrandaky daşary ýurtly guramalaryň we wekilçilikleriň başlyklarynyň we ilçileriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýanynda durup sebitiň gahrymanlaryny terrorçy diýip tanadýan şahsyýetleriň hiç birisiniň Aziýanyň günbatarynda orunlary bolmaz diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehranda yslam ynkylabynyň ýeňişiniň 41-nji ýyllygy mynasybetli geçiren ýaňky duşuşygynda beren gürrüňlerinde käler Eýranyň yslam Respublikasyny aradan aýyrjak bolup 41 ýyl arzuwdadyrlar we şol ýalňyş arzuwyň esasynda hem her günde ýalňyş syýasaty yzarlap durandyrlar diýip beýan etdi.

Zarif şeýle-de Tehrandaky daşary ýurtly guramalaryň we wekilçilikleriň başlyklarynyň we ilçileriniň duşuşygynda Eýranyň hakykatlaryny ýalňyş düşünmegiň gaty howply syýasatlara sebäp bolandygyna yşarat edip Günbatar ýurtlary haýsy ýurt  we haýsy millet bilen ýüzbe ýüzdigini bilmelidirler we haýsy ýerde we näme üçin ýalňyşandygyny düşünmelidirler diýip sözlerine goşdy.

Eýran we Eýran milleti hormata laýyk milletdir diýip Eýranyň daşary işler ministri aýtdy.