Ruhani:Amerikanyň zalymlykly gadaganlyklary Eýran milletiniň tersine ýola berilen bir jenaýatdyr
(last modified Mon, 10 Feb 2020 17:50:46 GMT )
Feb 10, 2020 22:50 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Amerikanyň zalymlykly gadaganlyklary Eýran milletiniň tersine ýola berilen bir jenaýatdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti daşary ýurtly guramalaryň we wekilçilikleriň başlyklarynyň we ilçileriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Waşingtonyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklaryny adamkärçilikden daş bolan jenaýatkärçilik i we terrorçylykly iş bildi.

prezidenti Ruhani Yslam Ynkylabynyň üstünliginiň 41-nji ýyllygy mynasybetli şu gün geçirilen bu duşuşykda Eýranyň taryhy,medeniýeti we siwilizasiýasy bilen tanyş bolmadyk gudratlar Eýran milletiniň zora,basyşa we haýbata hergiz boýun egmeýändigini bilýändirler diýip beýan etdi.

prezidenti Ruhani soňky iki ýylda Amerikanyň Eýrana garşy basyşlarynyň we gadaganlyklarynyň artmagyna yşarat edip şondan gelende geçen 8 aýda Eýranyň ykdysady ölçegleri şol sanda ykdysady ösüşi,iş orunlaryny döretmek, inflýasiýany kontrol etmek we maýa goýumlary artdyrmak bölümlerdäki ölçegleri oňaýly bolandyr bu mesele bolsa Amerikanyň Eýran milletine garşy piltikleriniň şowsuzlyga uçrandygyny görkezýändir diýip yglan etdi.