Salehi:Eýran basyş astynda tutum tutmaz
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi Wenada halkara atom energiýasy agentliginiň başlygy Rafael Groosiň duşuşygyndan soň beren gürrüňlerinde agentligiň syýasy boluşlardan daş durmagyny nygtap Eýran basyşlaryň astynda tutum tutmaz diýdi.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Salehi özüniň halkara atom agentliginiň başlygy bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň mantygyň we söhbetdeşligiň tarapdarydygyny aýdandygyny ýatladyp halkara atom enegiýasy agentligiň boluşy bir hili bolmalydyr welin ýurtlaryň syýasy garaýyşlary onuň tutumlarynda täsirli bolmaly däldir diýip beýan etdi.
Salehi şeýle-de Eýranyň atom agentligi bilen saklaýan ara baglanşyklaryny oňaýly bilmek bilen bu ara baglanşyklaryň dowamly bolmagyny umyt etdi.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi düýn şeýle-de Fransiýaly kärdeşi Franswa Žak bilen geçiren duşuşygynda Ýewropaly taraplaryň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatynda öz jogapkärçiliklerinde tapylmandyklary üçin tankyt bildirmek bilen durmuşky şertleriň dowamly bolmagynyň hiç bir tarapynyň bähbidine bolmajakdygyny aýtdy.