Amir Hatami:Raketa Eýranyň goranyş gudratynyň bir tarapydyr
Eýranyň goranmak ministri general Amir Hatami raketany Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş gudratynyň bir tarapy bildi.
Eýranyň goranmak ministri general Amir Hatami şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň raketalary bir adaty ýaragdyr we gyrgynç ýarag däldir diýmek bilen Eýranyň raketalarynyň dykgaty şeýle bir ýokarydyr welin Amerikalylar onuň dykgatyny Eýranyň Ein al-Asda bazasyna eden raketalyk hüjüminde görendirler diýip beýan etdi.
general Hatami emeli hemralary göterip bilýän raketalaryň harby raketalar bilen ara baglanşygy barmy diýen meseläniň üstünde durup emeli hemralary göterip bilýän raketalar bilen Harby raketalaryň arasynda hiç hili baglanşyk ýokdyr we olaryň ikisi aýry aýry zatdyr diýip belläp geçdi.
Eýranyň goranmak ministri şeýle-de emeli hemrany asmana atmagyň Eýran milletiniň belli hakydygyny aýtmak bilen Eýranyň bu programany gudrat bilen dowam etjekdigini nygtady.