General Salami Amerika we Sionist režimine duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6992-general_salami_amerika_we_sionist_režimine_duýduryş_berdi
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi general Huseýin Salami Tehranda Ymam Homeýni(ra) adyndaky mosallada general şehit Gasym Suleýmani we onuň ýaranlarynyň gykynyň merasymynda beren gürrüňlerinde bir sionist jogapkäriň Siriýa we Yrakda Eýranlylary urmak barada bu režim bilen Amerikanyň arasynda iş bölünişiginiň bolmagy barada aýdanlaryna yşarat edip Amerika bilen Sionst režimi şeýle bir hatany ýola goýsalar Sepah güýji olaryň ikisini-de urjakdyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 14, 2020 12:56 Asia/Ashgabat
  • General Salami Amerika we Sionist režimine duýduryş berdi

yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi general Huseýin Salami Tehranda Ymam Homeýni(ra) adyndaky mosallada general şehit Gasym Suleýmani we onuň ýaranlarynyň gykynyň merasymynda beren gürrüňlerinde bir sionist jogapkäriň Siriýa we Yrakda Eýranlylary urmak barada bu režim bilen Amerikanyň arasynda iş bölünişiginiň bolmagy barada aýdanlaryna yşarat edip Amerika bilen Sionst režimi şeýle bir hatany ýola goýsalar Sepah güýji olaryň ikisini-de urjakdyr diýip yglan etdi.

general Salami general Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren terrorçylykly işine Eýranyň raketalyk gaýtawulyna yşarat edip Eýranyň şol gaýtawulynda Amerikalylaryň ýüzüne güýçli şarpyk urulandyr we Amerikaly harbylaryň soňkysy yslamy ýurtlardan çykyp gitýänçäler bu güýçli şarpyk dowam etjekdyr elbetde Amerikaly harbylaryň musulman ülkelerden çykyp gitmekleri ýakyndyr diýip belläp geçdi.

yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi general Huseýin Salami sözleriniň dowamynda general Gasym Suleýmaniň musulman ýurtlary birleşdirmekdäki rolyna yşarat edip general Suleýmani musulman ýurtlary birleşdirip Amerikanyň täze orta gündogar diýen taslamasyny şowsuzlyga uçradandyr diýip beýan etdi.