Hojjatolyslam Seddigi:asryň söwdasy diýen taslama Tramp üçin bir biabraýlykdyr
Tehranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Sionistik asryň söwdasy diýen taslamasyny Tramp üçin bir ruswalyk bildi.
Tehranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Sionistik asryň söwdasy diýen taslamasyny Tramp üçin bir biabraýlyk bildi.
Hojjatolyslam Kazym Seddigi şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde asryň söwdasy diýen taslamanyň öňe sürülmegi Yslam Dünýäsinde täze bir hereketiň we ynkylabyň ýola düşmegine sebäp boldy bu ynkylabyň we hereketiň ýola düşmegi bilen Amerikanyň Sionistik taslamasy netije bermez diýip beýan etdi.
Amerikanyň prezidenti asryň söwdasy diýen taslanyň çarçuwasynda Palestinalylaryň ýer ýurtlaryny we öýlerini Sionistlere bagyşlaýandyr oňa görä bu taslama ozal başdan şowsuzlyga uçrandyr diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.
Hojjatolyslam Kazym Seddigi sözleriniň dowamynda Eýranyň parlament saýlowlarynyň golaýlandygyna yşarat edip Eýranyň 11-nji mejlisi yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň Kudus güýçleriniň serkerdesi general şehit Gasym Suleýmaniň ganynyň we ilatyň derejesinde şekil tapyp işe başlamalydyr we ilat hem ýürekleri kesekiler bilen bolan dalaşgärlere ses bermeli däldirler diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň 11-nji mejlis saýlowlary Fewral aýynyň 21-nji güni geçirilýändir.