Zarif:Amerika bilen Ysraýyl Aziýanyň günbatar sebitiniň howpsuzlygyny üpjün edip bilmezler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7013-zarif_amerika_bilen_ysraýyl_aziýanyň_günbatar_sebitiniň_howpsuzlygyny_üpjün_edip_bilmezler
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri sebit ýurtlaryna garap Amerika bilen Ysraýyl režimi Aziýanyň günbatar sebitiniň howpsuzlygyny üpjün edip bilmezler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 16, 2020 14:28 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerika bilen Ysraýyl Aziýanyň günbatar sebitiniň howpsuzlygyny üpjün edip bilmezler

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri sebit ýurtlaryna garap Amerika bilen Ysraýyl režimi Aziýanyň günbatar sebitiniň howpsuzlygyny üpjün edip bilmezler diýdi.

Mýunheniň howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen Germaniýa sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu maslahatynyň ýanynda BBC tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Tehran sebitiň howpsuzlyk mekanizmini düzmekde sebit ýurtlary bilen arkalaşmaga taýýardyr diýmek bilen Aziýanyň günbatarynyň howpsuzlygy sebit ýurtlary tarapyndan üpjün edilmelidir diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Eýran özüniň goňşylary bilen igenşikli ara-baglanşygyň yzynda däldir diýmek bilen Tehran goňşy ýurtlaryň howpsuzlygyny özüniň howpsuzlygy bilýändir we özüniň bütin goňşylary bilen gürrüň etmäge taýýardyr diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de Arabystan bilen Arap Emirlikleriň Aziýanyň günbatar sebitinde dartgynlylyklaryň artdyrylmagyny isleýändiklerine yşarat edip Kuweýt,Katar we Yrak Pars aýlagyň we Hormoz bogazynyň howpsuzlygy baradaky Eýranyň öňe süren teklibini garşy alandyrlar emma henize çenli Arabystan,Arap Emirlikleri we Bahreýniň tarapyndan bu teklibe jogap berilen däldir diýdi.