Larijani:Eýran ilatynyň saýlowlara ýaýbaň gatnaşmaklary Amerikalylaryň syýasatyny üýtgetjekdir
Eýranyň mejlis başlygy ýokary başarnykly mejlis üçin ilatyň mejlis saýlowlaryna ýaýbaň gatnaşmaklary zerurdyr diýmek bilen ilatyň saýlowlara giňden gatnaşmaklary Amerikalylaryň Eýrana berýän hetden aşa basyşlaryndan el özmeklerine sebäp bolar diýip beýan etdi.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani düýn habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde näme üçin Amerikalylar Eýranyň saýlowlaryny ýitilik bilen yzarlaýar diýen soragyň jogabynda:olar ilatyň saýlowlara hyiuwly gatnaşmaklarynyň ýurduň kuwwatlylygyna sebäpkärdigini gowy bilýärler şonuň üçin hem olar Eýranyň saýlowlaryny ýitilik bilen yzarlaýarlar diýip yglan etdi.
Amerikalylar özleriniň Eýrana berýän basyşlaryny güýçlendirmek ugurda Eýran ilatynyň saýlowlara gowşak gatnaşmaklaryny isleýärler diýip Larijani sözlerine goşdy.
Eýranyň mejlis başlygy şeýle-de ilat ana güni geçiriljek saýlowlara Amerikalylaryň islegleriniň tersine amal edip giňden bu saýlowlara gatnaşmakdan aýry duşmany nomyt etmelidirler diýdi.