Eýranda Korona wirusindan janlaryny elden berenleriň sany 5 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7044-eýranda_korona_wirusindan_janlaryny_elden_berenleriň_sany_5_adama_ýetdi
Eýranda Korona wirusina uçran adamlaryň sany ýygnagda 28 adama ýetdi we bu sandan janlaryny elden berenleriň sany bolsa 5 adama ýetdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 22, 2020 14:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Korona wirusindan janlaryny elden berenleriň sany 5 adama ýetdi

Eýranda Korona wirusina uçran adamlaryň sany ýygnagda 28 adama ýetdi we bu sandan janlaryny elden berenleriň sany bolsa 5 adama ýetdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kiýanuş Jahanpur şu mahala çenli Korona wirusyna uçramagy göman edilýän adamlaryň sany Eýranda 785 adama ýetdi bu adamlaryň 28-siniň Korona wirusyna uçrandyklary anyklanyldy diýip yglan etdi.

Korona wirusyna uçran bu 28 adamyň 10-synyň bu wirusa uçramagy şu gün anyklanyldy diýip jahanpur aýtdy.

Hytaýyň Wuhan şäherinden başlanan Korona wirusi durmuşda dünýäniň azyndan 25 ýurdyna şol sanda Amerika,Britaniýa,Ýaponiýa,Kanada,Fransiýa,Arabystan,Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara hem ýaýrandyr.

şol bir wagtda Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranda 5 adamyň Korona wirusi arkaly janlaryny elden bermekleri babatly gynanjyny bildirip bu wirusiň öňüni almakda Hytaýyň Eýran bilen saklaýan ýakyn arkalaşyklaryny dowam etjekdigini aýtdy.