Niderlandleriň daşary işler ministri Zarif bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7046-niderlandleriň_daşary_işler_ministri_zarif_bilen_duşuşdy
şu gün Niderlandlaryň daşary işler ministri Tehranda Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşyp dürli meseleler barada gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 22, 2020 18:24 Asia/Ashgabat
  • Niderlandleriň daşary işler ministri Zarif bilen duşuşdy

şu gün Niderlandlaryň daşary işler ministri Tehranda Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşyp dürli meseleler barada gürrüň etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Niderlandlaryň daşary işler ministri Stef Blok bu duşuşykda iki taraplaýyn ara-gatnaşyklar we özara gyzyklanma bildirýän meseleleri barada pikir alyşdylar.

bir topara baştutanlyk edip Tehrana sapar eden Niderlandlar ýurdunyň daşary işler ministri bilen Zarif bu duşuşykda iki ýurduň gowy we gadymdan gelýän ara-gatnaşyklaryna yşarat edip bu gatnaşyklaryň ösdürilmegini islediler.

Zarif bilen Blok şeýle-de iki taraplaýyn,sebitleýin we halkara möhüm meseleleri barada,ýadro ylalaşygy,INSTEX,general Gasym Suleýmaniň şehit edilmeginiň yz-gelimleri,Yragyň,Owganystanyň,   Ýemeniň we Siriýanyň soňky özgerişleri hem-de Ukrainanyň hadysa uçran uçary barada gürrüň etdiler.