Larijani:Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygy barada aýdýanlary ýöne gürrüňdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7053-larijani_Ýewropa_bileleşiginiň_ýadro_ylalaşygy_barada_aýdýanlary_ýöne_gürrüňdir
Eýranyň parlamentiniň başlygy öten agşam Tehranda Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şalenberg bilen geçiren duşuşygynda ýadro ylalaşygyň iş maslahaty baradaky Ýewropalylaryň boluşyna tankyt bildirmek bilen Ýewropa Bileleşigi indi bir ýyl bäri ýadro ylalaşygy barada diňe söze kanagat edendir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 24, 2020 13:24 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygy barada aýdýanlary ýöne gürrüňdir

Eýranyň parlamentiniň başlygy öten agşam Tehranda Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şalenberg bilen geçiren duşuşygynda ýadro ylalaşygyň iş maslahaty baradaky Ýewropalylaryň boluşyna tankyt bildirmek bilen Ýewropa Bileleşigi indi bir ýyl bäri ýadro ylalaşygy barada diňe söze kanagat edendir diýip yglan etdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran bilen Ýewropanyň arasynda INSTEX taslamanyň oňaýsyzlygyna yşarat edip ýadro ylalaşykda Eýranyň bähbitleri üpjün bolan däldir diýip beýan etdi.

2018-nji ýylda Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn çykmagyndan soň Germaniýa,Britaniýa we Fransiýadan ybarat bolan Ýewropa troikasi Eýranyň ykdysady bähbitlerine kepil geçip ýadro ylalaşygyny goramak barada söz berdiler emma olar häzir bu güne çenli özleriniň beren wadalarynda tapylyp bilen däldirler.

Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şalenberg hem bu duşuşykda özüniň Tehran saparyndan begenç bildirip Eýrany medeniýete baý bolan bir gözel ýurt bilmek bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramak ugurda hemmeleriň tagalla etmeklerini nygtady.